Speech
Serdar Berdimuhamedov  ·  2026-08-11 00:00

11.08 / Teswirlemeler

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, onuň iri halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmagyň, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ilerletmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Pudagyň täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, hojalyk işi bölünip, ulag ulgamyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy kemala getirildi. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän, goňşy ýurtlara uzaýan ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda işler amala aşyrylýar. Ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin täze geçelgeleri döretmek mümkinçiligine garalýar. Bu ugurda marketing işi işjeňleşdirilýär, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we ulgam kämilleşdirilýär.Demir ýol pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, rahat ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlardyr çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmak, ýük daşalyşynyň, ýolagçy gatnadylyşynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýükleri daşamakda esasy orny eýeleýär. Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, demir ýoluň hereket düzümlerinden peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu demir ýol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri bilen birleşdirýän esasy halka bolup hyzmat edýär.Häzirki wagtda demir ýol pudagyna halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzda amala aşyrylan iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýol milli logistika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmakda we ykdysadyýeti pugtalandyrmakda möhüm orny eýelemek bilen, işewürlik we halkara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Ol Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyz onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli ýol degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygyny hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara ülňülere, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat aralygyndaky jemleýji böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýokary tizlikli ýoluň bu bölegi hem onuň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu döwrebap köpri Diýarymyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen baglanyşdyrýar. Mundan başga-da, täze ýol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur hasaplanýar.Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çekilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, ýerleri özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine hyzmat edýär.Şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Hususan-da, täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar, bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi göz öňünde tutulanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa, Hazar sebiti ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar, portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga, nawigasiýa işine döwlet gözegçiligi kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramakda, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisi gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň mysalydyr.Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagatyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmäge, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kommunikasiýa ulgamyny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmagyň, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmagyň möhümdigini belleýär.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalaryň maksady “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşini kesgitleýän esasy wezipeleri döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli hereket edýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanlylaşdyrmagyň wajyp bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlaryň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredi.Hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara telefon aragatnaşygynyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Ýurdumyzdan ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny üstaşyr geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny, maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan iri halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda öňde goýan wezipeleri Watanymyzy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri üstaşyr ulag merkezine öwürmegi hem maksat edinýär.

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, onuň iri halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmagyň, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ilerletmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Pudagyň täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, hojalyk işi bölünip, ulag ulgamyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy kemala getirildi. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän, goňşy ýurtlara uzaýan ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda işler amala aşyrylýar. Ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin täze geçelgeleri döretmek mümkinçiligine garalýar. Bu ugurda marketing işi işjeňleşdirilýär, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we ulgam kämilleşdirilýär.

Demir ýol pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, rahat ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlardyr çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmak, ýük daşalyşynyň, ýolagçy gatnadylyşynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýükleri daşamakda esasy orny eýeleýär. Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, demir ýoluň hereket düzümlerinden peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu demir ýol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri bilen birleşdirýän esasy halka bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda demir ýol pudagyna halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzda amala aşyrylan iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýol milli logistika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmakda we ykdysadyýeti pugtalandyrmakda möhüm orny eýelemek bilen, işewürlik we halkara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Ol Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyz onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli ýol degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygyny hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara ülňülere, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat aralygyndaky jemleýji böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýokary tizlikli ýoluň bu bölegi hem onuň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu döwrebap köpri Diýarymyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen baglanyşdyrýar. Mundan başga-da, täze ýol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur hasaplanýar.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çekilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, ýerleri özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine hyzmat edýär.

Şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Hususan-da, täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar, bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi göz öňünde tutulanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.

Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa, Hazar sebiti ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar, portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga, nawigasiýa işine döwlet gözegçiligi kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramakda, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisi gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagatyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmäge, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kommunikasiýa ulgamyny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmagyň, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmagyň möhümdigini belleýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalaryň maksady “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşini kesgitleýän esasy wezipeleri döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli hereket edýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanlylaşdyrmagyň wajyp bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlaryň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredi.

Hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara telefon aragatnaşygynyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Ýurdumyzdan ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny üstaşyr geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny, maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan iri halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda öňde goýan wezipeleri Watanymyzy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri üstaşyr ulag merkezine öwürmegi hem maksat edinýär.

Notes

Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, onuň iri halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmagyň, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ilerletmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Pudagyň täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, hojalyk işi bölünip, ulag ulgamyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy kemala getirildi. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän, goňşy ýurtlara uzaýan ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda işler amala aşyrylýar. Ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin täze geçelgeleri döretmek mümkinçiligine garalýar. Bu ugurda marketing işi işjeňleşdirilýär, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we ulgam kämilleşdirilýär.Demir ýol pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, rahat ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlardyr çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmak, ýük daşalyşynyň, ýolagçy gatnadylyşynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýükleri daşamakda esasy orny eýeleýär. Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, demir ýoluň hereket düzümlerinden peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu demir ýol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri bilen birleşdirýän esasy halka bolup hyzmat edýär.Häzirki wagtda demir ýol pudagyna halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzda amala aşyrylan iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýol milli logistika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmakda we ykdysadyýeti pugtalandyrmakda möhüm orny eýelemek bilen, işewürlik we halkara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Ol Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyz onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli ýol degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygyny hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara ülňülere, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat aralygyndaky jemleýji böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýokary tizlikli ýoluň bu bölegi hem onuň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu döwrebap köpri Diýarymyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen baglanyşdyrýar. Mundan başga-da, täze ýol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur hasaplanýar.Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çekilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, ýerleri özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine hyzmat edýär.Şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Hususan-da, täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar, bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi göz öňünde tutulanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa, Hazar sebiti ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar, portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga, nawigasiýa işine döwlet gözegçiligi kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramakda, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisi gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň mysalydyr.Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagatyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmäge, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kommunikasiýa ulgamyny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmagyň, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmagyň möhümdigini belleýär.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalaryň maksady “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşini kesgitleýän esasy wezipeleri döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli hereket edýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanlylaşdyrmagyň wajyp bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlaryň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredi.Hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara telefon aragatnaşygynyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Ýurdumyzdan ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny üstaşyr geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny, maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan iri halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda öňde goýan wezipeleri Watanymyzy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri üstaşyr ulag merkezine öwürmegi hem maksat edinýär. Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, onuň iri halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmagyň, bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ilerletmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Pudagyň täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, hojalyk işi bölünip, ulag ulgamyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy kemala getirildi. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän, goňşy ýurtlara uzaýan ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda işler amala aşyrylýar. Ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin täze geçelgeleri döretmek mümkinçiligine garalýar. Bu ugurda marketing işi işjeňleşdirilýär, hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar we ulgam kämilleşdirilýär. Demir ýol pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, rahat ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlardyr çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmak, ýük daşalyşynyň, ýolagçy gatnadylyşynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýükleri daşamakda esasy orny eýeleýär. Demir ýol pudagyna barha ýokary talap bildirilýär. Munuň özi hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşyň öňdebaryjy ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, demir ýoluň hereket düzümlerinden peýdalanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, işgärler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu demir ýol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri bilen birleşdirýän esasy halka bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda demir ýol pudagyna halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzda amala aşyrylan iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýol milli logistika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmakda we ykdysadyýeti pugtalandyrmakda möhüm orny eýelemek bilen, işewürlik we halkara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Ol Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyz onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli ýol degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygyny hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara ülňülere, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat aralygyndaky jemleýji böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýokary tizlikli ýoluň bu bölegi hem onuň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu döwrebap köpri Diýarymyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen baglanyşdyrýar. Mundan başga-da, täze ýol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur hasaplanýar. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çekilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, ýerleri özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine hyzmat edýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Hususan-da, täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar, bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi göz öňünde tutulanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär. Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa, Hazar sebiti ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar, portlaryň, port hojalygynyň ösdürilmegi dowam etdirilip, deňizde howpsuzlyga, nawigasiýa işine döwlet gözegçiligi kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramakda, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisi gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň mysalydyr. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagatyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmäge, «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kommunikasiýa ulgamyny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmagyň, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmagyň möhümdigini belleýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalaryň maksady “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşini kesgitleýän esasy wezipeleri döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli hereket edýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmenistan ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde emeli aňyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, ýol hereketini dolandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalary durmuşa geçirilýär. Emeli aň, Big Data, blokçeýn, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegi sanlylaşdyrmagyň wajyp bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk kärhanalarynyň döredilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradioýaýlymlaryň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredi. Hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara telefon aragatnaşygynyň hem-de maglumatlary geçirmegiň göwrümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Ýurdumyzdan ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny üstaşyr geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny, maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan iri halkara forumlarda, ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda öňde goýan wezipeleri Watanymyzy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri üstaşyr ulag merkezine öwürmegi hem maksat edinýär.