05.08 / Teswirlemeler
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.Medeniýet jemgyýetiň ruhy binýady, onuň sazlaşykly ösüşiniň çeşmesidir. Ol sungaty we däp-dessurlary, bilimleri, aň-paýhas mümkinçiliklerini, mizemez ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Medeniýet adamyň dünýägaraýşyny, şahsy häsiýetlerini, döredijilikli pikirlenişini kemala getirýär. Taryhy tejribäni nesilden-nesle geçirmek bilen, ol döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy beýan edip, ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Medeniýetiň hem-de sungatyň döredijilik kuwwaty medeniýet işgärleriniň döredýän, halkymyzy täze belent sepgitlere ruhlandyrýan eserlerinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty gadymdan gelýän özboluşly däp-dessurlary we täzeçillikleri, baý taryhy tejribäni, häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigine şu ýylyň wakalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şolaryň hatarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan Medeniýet hepdeligi bar.Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen giň gerimli döredijilik forumynyň maksatnamasy baý mazmunly boldy. Guralan duşuşyklar, edebiýat agşamlary, maslahatlar, okuwlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sungat ussatlarynyň konsertleri, ýaş artistleriň çykyşlary, teatrlaşdyrylan sahnalar, filmleriň görkezilişleri, sergiler milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklerini hem-de täze taryhy eýýamda ösüş ugurlaryny beýan etdi.Her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreler milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsidir. Däp bolşy ýaly, şu ýyl esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň çeper keşbi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Halk däp-dessurlary, aýdym-sazly, folklor-sahnalaşdyrylan çykyşlar, milli amaly-haşam sungatynyň görnüşleri ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Her ýyl guralýan bu baýramçylyk ildeşlerimiziň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny özüne çekýär.Halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň ylmy esaslandyrmalara, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýan çuň mazmunly eserleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Muny olaryň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi hem tassyklaýar.Kitap döräli bäri ol bilim we paýhas çeşmesi hasaplanyp gelinýär. Okamak pikirlenişi, akyl ýetirijiligi ösdürip, dünýägaraýşy hem-de habarlylygy giňeldýär. Kitap taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň, ylym-bilimiň namasy bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitaba aýratyn hormat bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däpleriniň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy şäherlerde döredilen iri kitaphanalar hem şaýatlyk edýär. Gadymy Merw öz gülläp ösen döwründe ylmy merkez hökmünde meşhur bolup, kitaphanalarynda ýygnanan baý kitap gorlary bilen şöhratlanypdyr.Häzirki wagtda Diýarymyzda bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda, ähli sebitlerde möhüm medeni, aň-bilim ýaýradyş, ylmy hyzmatlary ýerine ýetirýän kitaphanalar hereket edýär. Kitap gaznalarynyň yzygiderli üsti ýetirilip, degişli maddy-enjamlaýyn binýat döwrebaplaşdyrylýar, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen geçen ýylda tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Kitaplary däp bolan saklaýjylardyr medeni ojaklar hökmünde kitaphanalaryň maksady okyjylaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmekden, olar bilen, şol sanda ägirt uly bilim çeşmeleri ýygnanan sanly giňişlikde işjeň aragatnaşykda bolmakdan ybaratdyr. Kitaphanalaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy gaznadaky kitaplaryň hasabyny we ýerleşdirilişini, maglumatlaryň gözlenilişini, toplanylyşyny, saklanylyşyny sazlaşykly ýola goýmaga ýardam edýär. Elektron kitaphanalaryň, sanly kitap gorlarynyň torunyň döredilmegi okyjylar köpçüligine zerur edebiýata giň elýeterliligi üpjün edýär.Medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary saklaýan muzeýlere uly orun degişlidir. Sergilerde görkezilýän, muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, şol sanda arheologik tapyndylar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk senetçilik eserleriniň nusgalary halkymyzyň taryhynyň we özboluşly däp-dessurlarynyň müňýyllyklara uzaýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň muzeýleriniň tapyndy gorlarynyň täze gymmatlyklar bilen ulgamlaýyn esasda üsti ýetirilýär. Olarda häzirki döwrümize mahsus ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar. Muzeý işini ösdürmek medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň netijesinde muzeýler ýurdumyzyň iri medeni, aň-bilim, ylmy-barlag merkezlerine öwrüldi.Diýarymyzyň çäginde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi hereket edýär. Olaryň her biri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýdir. Sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy muzeýleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda muzeýleriň web saýtlary, wirtual syýahat ugurlary dürli gymmatlyklaryň toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaş nesliň öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Soňky ýyllarda daşary döwletlerde, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri sungat merkezi bolan Nýu-Ýorkdaky “Metropoliten” muzeýinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birnäçe muzeýlerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň iri sergileriniň guralandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda Rimdäki Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde onuň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Täze taryhy döwürde milli teatr sungaty gadymy däpleri, nusgawy mekdebi we dramaturgiýanyň täze ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyryp, okgunly ösýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryna türkmen we daşary döwletleriň nusgawy, häzirki zaman edebi eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar girizilýär. Teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahna oýunlary goýlup, olarda Watanymyzyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy, üstünlikleri aýdyň beýanyny tapýar.Milli Liderimiziň tagallalary esasynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan opera sungatynyň ösüşine täze itergi berildi. Soňky döwürde meşhur opera spektakllary täzeden goýuldy. “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Aýna” we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. “Görogly”, “Magtymguly” ýaly täze operalaryň ilkinji görkezilişleri boldy. Şu ýylyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna “Leýli-Mejnun” operasynyň görkezilişi girizildi.Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Onuň kemala gelmegi we ösüşi görnükli türkmen kompozitorlarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýaş zehinler üstünlikli işleýärler. Şunuň bilen birlikde, aýdym-sazyň beýleki žanrlary, aýdym aýtmak we horeografiýa sungaty ösdürilýär. Şunda halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly döredijilik däpleriniň goralyp saklanylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Bagşyçylyk sungatyny, “Küştdepdi” aýdym we tans dessuryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty bu ugurda ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda hem ýöriteleşdirilen sazçylyk we sungat mekdepleri hereket edýär.Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň öz zehinini we başarnyklaryny doly açmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezinde ýaşajyk raýatlarymyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary, baý milli mirasymyz bilen içgin tanyşmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bu toplum Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sanly tehnologiýalar ornaşdyryljak täze binasyny hem öz içine alar. Onuň çäginde teleskop arkaly älem giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň boljakdygy bellärliklidir. Bu kitaphananyň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller baradaky atalyk aladasynyň ýene bir aýdyň güwäsidir.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärleriniň höweslendirilmegi we hemmetaraplaýyn goldanylmagy, olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, ajaýyp eserleri döretmekleri üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirer. Bu işde ýurdumyzda guralýan dürli döredijilik bäsleşiklerine aýratyn orun degişlidir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik her ýyl köp sanly gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri geçirilýär.Häzirki zaman dünýäsinde medeniýet has köpgyraňly häsiýete eýe bolýar. Halkara hyzmatdaşlygyň ählumumy guraly bolmak bilen, ol halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmäge, ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklara ýardam edip, parahatçylykly dialog üçin meýdançany döredýär. Bitarap Türkmenistan medeni diplomatiýany yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Bu maksatlar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda gol çeken degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem esasyny düzýär.Mälim bolşy ýaly, bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Gaýtalanmajak milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini we ugurlaryny giňeltmek, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda tejribe alşylmagy üçin döredijilik meýdançalaryny döretmek Strategiýada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG, onuň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzy BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk ýakyn hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu babatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna möhüm orun degişlidir.Bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen topragynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça bu düzüm bilen bilelikde amala aşyrylýan giň gerimli işleri görkezmek bolar. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeniýetiniň özboluşly desgalarynyň, däp-dessurlarynyň, ýurdumyzyň tebigy gözel ýerleriniň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi olaryň umumadamzat ähmiýetine eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda degişli işler ulgamlaýyn esasda dowam etdirilýär.Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy hem okgunly häsiýete eýedir. Şu ýylyň wakalary muny ýene bir gezek tassyklaýar. Şolaryň hatarynda 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-yň XXVII opera günleri mynasybetli guralan dabaraly konserti görkezmek bolar. Ol ýurdumyzyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň aýdym-saz sungaty boýunça ussatlaryny bir ýere jemledi. Olaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy dünýä we türki opera sungatynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Onuň öňüsyrasynda Mukamlar köşgünde görnükli kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde türkmen sazandalary we türki döwletleriň artistleri çykyş etdiler.Türkmenistan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ICESCO) bilen hyzmatdaşlyga-da halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz şu ýylyň maýyndan bäri bu guramada synçy derejesine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolup, «KazanForum — 2026» atly halkara çärelere gatnaşandygyny bellemek gerek. Kazan şäheriniň 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna täze itergi we döredijilik ruhuny berýän birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Guramanyň Baş direktory öz çykyşynda 2028-nji ýylda Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek ugrunda degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtdy.Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde aýdym-saz we teatr festiwallarynyň, konsertleriň, filmleriň görkezilişleriniň, sergileriň guralmagy medeni diplomatiýany işjeň ilerletmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Russiýa Federasiýasynda, Gruziýada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmen sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary daşary döwletlerde geçirilýän medeni hem-de döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Halkara festiwallarda, bäsleşiklerde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, abraýly baýraklara eýe bolýarlar.Milli kinematograflarymyz hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Meşhur kino ussatlarynyň ýola goýan ýörelgeleri häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy şanly wakalaryň birine öwrüldi. Degişli sylaglary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda ýaýbaňlandyrylan Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezde geçirildi. Haýyr-sahawat gaznasyna filmiň döredilmegine goşan uly goşandy üçin «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite baýrak gowşuryldy. Öz gezeginde, kompozitor Kerim Berdimuhamedow filmi saz bilen bezändigi üçin «Ganatly altyn bedew» sylagy bilen sylaglanyldy.“Kompozitor” filmi ozal hem abraýly sylaglaryň birnäçesine mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda film ýurdumyzda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna we “Iň gowy zenan keşbi” baýragyna eýe boldy. 2025-nji ýylda bu film Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp görlüpdi. Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň bu baýragy milli we umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän filmlere berilýär. Munuň özi häzirki zaman türkmen kinosynyň diňe bir özboluşly däpleri saklaman, eýsem, halkara medeni giňişlige hem işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi-de ugur edinýär. Dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy, taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşmak adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär. Bu babatda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan Watanymyz daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan geljegi uly bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydyr.Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň netijeli gurallarynyň biri-de türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlardyr hem-de forumlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu şanly senäni 2024-nji ýylda dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrdy. Şol ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Onuň çäginde Magtymguly Pyragynyň uzakdan seleňläp görünýän ýadygärligi bina edildi. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgähde dürli ýurtlaryň we halklaryň wekilleri bolan meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleri oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu seýilgäh toplumy Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem ajaýyp nyşanyna öwrüldi.Täze taryhy döwürde parahatçylygyň ilçileri bolup çykyş edýän ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi bilen milli hem-de dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara atly sport ýaryşlary, behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlardaky çykyşlary-da ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.Şeýlelikde, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda medeni gün tertibini işjeň ilerletmek bilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly goşant goşup, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.
Medeniýet jemgyýetiň ruhy binýady, onuň sazlaşykly ösüşiniň çeşmesidir. Ol sungaty we däp-dessurlary, bilimleri, aň-paýhas mümkinçiliklerini, mizemez ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Medeniýet adamyň dünýägaraýşyny, şahsy häsiýetlerini, döredijilikli pikirlenişini kemala getirýär. Taryhy tejribäni nesilden-nesle geçirmek bilen, ol döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy beýan edip, ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Medeniýetiň hem-de sungatyň döredijilik kuwwaty medeniýet işgärleriniň döredýän, halkymyzy täze belent sepgitlere ruhlandyrýan eserlerinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty gadymdan gelýän özboluşly däp-dessurlary we täzeçillikleri, baý taryhy tejribäni, häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigine şu ýylyň wakalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şolaryň hatarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan Medeniýet hepdeligi bar.
Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen giň gerimli döredijilik forumynyň maksatnamasy baý mazmunly boldy. Guralan duşuşyklar, edebiýat agşamlary, maslahatlar, okuwlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sungat ussatlarynyň konsertleri, ýaş artistleriň çykyşlary, teatrlaşdyrylan sahnalar, filmleriň görkezilişleri, sergiler milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklerini hem-de täze taryhy eýýamda ösüş ugurlaryny beýan etdi.
Her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreler milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsidir. Däp bolşy ýaly, şu ýyl esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň çeper keşbi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Halk däp-dessurlary, aýdym-sazly, folklor-sahnalaşdyrylan çykyşlar, milli amaly-haşam sungatynyň görnüşleri ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Her ýyl guralýan bu baýramçylyk ildeşlerimiziň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny özüne çekýär.
Halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň ylmy esaslandyrmalara, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýan çuň mazmunly eserleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Muny olaryň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi hem tassyklaýar.
Kitap döräli bäri ol bilim we paýhas çeşmesi hasaplanyp gelinýär. Okamak pikirlenişi, akyl ýetirijiligi ösdürip, dünýägaraýşy hem-de habarlylygy giňeldýär. Kitap taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň, ylym-bilimiň namasy bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitaba aýratyn hormat bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däpleriniň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy şäherlerde döredilen iri kitaphanalar hem şaýatlyk edýär. Gadymy Merw öz gülläp ösen döwründe ylmy merkez hökmünde meşhur bolup, kitaphanalarynda ýygnanan baý kitap gorlary bilen şöhratlanypdyr.
Häzirki wagtda Diýarymyzda bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda, ähli sebitlerde möhüm medeni, aň-bilim ýaýradyş, ylmy hyzmatlary ýerine ýetirýän kitaphanalar hereket edýär. Kitap gaznalarynyň yzygiderli üsti ýetirilip, degişli maddy-enjamlaýyn binýat döwrebaplaşdyrylýar, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen geçen ýylda tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Kitaplary däp bolan saklaýjylardyr medeni ojaklar hökmünde kitaphanalaryň maksady okyjylaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmekden, olar bilen, şol sanda ägirt uly bilim çeşmeleri ýygnanan sanly giňişlikde işjeň aragatnaşykda bolmakdan ybaratdyr. Kitaphanalaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy gaznadaky kitaplaryň hasabyny we ýerleşdirilişini, maglumatlaryň gözlenilişini, toplanylyşyny, saklanylyşyny sazlaşykly ýola goýmaga ýardam edýär. Elektron kitaphanalaryň, sanly kitap gorlarynyň torunyň döredilmegi okyjylar köpçüligine zerur edebiýata giň elýeterliligi üpjün edýär.
Medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary saklaýan muzeýlere uly orun degişlidir. Sergilerde görkezilýän, muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, şol sanda arheologik tapyndylar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk senetçilik eserleriniň nusgalary halkymyzyň taryhynyň we özboluşly däp-dessurlarynyň müňýyllyklara uzaýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň muzeýleriniň tapyndy gorlarynyň täze gymmatlyklar bilen ulgamlaýyn esasda üsti ýetirilýär. Olarda häzirki döwrümize mahsus ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar. Muzeý işini ösdürmek medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň netijesinde muzeýler ýurdumyzyň iri medeni, aň-bilim, ylmy-barlag merkezlerine öwrüldi.
Diýarymyzyň çäginde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi hereket edýär. Olaryň her biri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýdir. Sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy muzeýleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda muzeýleriň web saýtlary, wirtual syýahat ugurlary dürli gymmatlyklaryň toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaş nesliň öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Soňky ýyllarda daşary döwletlerde, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri sungat merkezi bolan Nýu-Ýorkdaky “Metropoliten” muzeýinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birnäçe muzeýlerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň iri sergileriniň guralandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda Rimdäki Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde onuň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze taryhy döwürde milli teatr sungaty gadymy däpleri, nusgawy mekdebi we dramaturgiýanyň täze ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyryp, okgunly ösýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryna türkmen we daşary döwletleriň nusgawy, häzirki zaman edebi eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar girizilýär. Teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahna oýunlary goýlup, olarda Watanymyzyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy, üstünlikleri aýdyň beýanyny tapýar.
Milli Liderimiziň tagallalary esasynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan opera sungatynyň ösüşine täze itergi berildi. Soňky döwürde meşhur opera spektakllary täzeden goýuldy. “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Aýna” we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. “Görogly”, “Magtymguly” ýaly täze operalaryň ilkinji görkezilişleri boldy. Şu ýylyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna “Leýli-Mejnun” operasynyň görkezilişi girizildi.
Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Onuň kemala gelmegi we ösüşi görnükli türkmen kompozitorlarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýaş zehinler üstünlikli işleýärler. Şunuň bilen birlikde, aýdym-sazyň beýleki žanrlary, aýdym aýtmak we horeografiýa sungaty ösdürilýär. Şunda halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly döredijilik däpleriniň goralyp saklanylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Bagşyçylyk sungatyny, “Küştdepdi” aýdym we tans dessuryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty bu ugurda ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda hem ýöriteleşdirilen sazçylyk we sungat mekdepleri hereket edýär.
Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň öz zehinini we başarnyklaryny doly açmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezinde ýaşajyk raýatlarymyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary, baý milli mirasymyz bilen içgin tanyşmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bu toplum Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sanly tehnologiýalar ornaşdyryljak täze binasyny hem öz içine alar. Onuň çäginde teleskop arkaly älem giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň boljakdygy bellärliklidir. Bu kitaphananyň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller baradaky atalyk aladasynyň ýene bir aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärleriniň höweslendirilmegi we hemmetaraplaýyn goldanylmagy, olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, ajaýyp eserleri döretmekleri üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirer. Bu işde ýurdumyzda guralýan dürli döredijilik bäsleşiklerine aýratyn orun degişlidir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik her ýyl köp sanly gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri geçirilýär.
Häzirki zaman dünýäsinde medeniýet has köpgyraňly häsiýete eýe bolýar. Halkara hyzmatdaşlygyň ählumumy guraly bolmak bilen, ol halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmäge, ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklara ýardam edip, parahatçylykly dialog üçin meýdançany döredýär. Bitarap Türkmenistan medeni diplomatiýany yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Bu maksatlar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda gol çeken degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem esasyny düzýär.
Mälim bolşy ýaly, bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Gaýtalanmajak milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini we ugurlaryny giňeltmek, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda tejribe alşylmagy üçin döredijilik meýdançalaryny döretmek Strategiýada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG, onuň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzy BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk ýakyn hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu babatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna möhüm orun degişlidir.
Bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen topragynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça bu düzüm bilen bilelikde amala aşyrylýan giň gerimli işleri görkezmek bolar. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeniýetiniň özboluşly desgalarynyň, däp-dessurlarynyň, ýurdumyzyň tebigy gözel ýerleriniň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi olaryň umumadamzat ähmiýetine eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda degişli işler ulgamlaýyn esasda dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy hem okgunly häsiýete eýedir. Şu ýylyň wakalary muny ýene bir gezek tassyklaýar. Şolaryň hatarynda 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-yň XXVII opera günleri mynasybetli guralan dabaraly konserti görkezmek bolar. Ol ýurdumyzyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň aýdym-saz sungaty boýunça ussatlaryny bir ýere jemledi. Olaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy dünýä we türki opera sungatynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Onuň öňüsyrasynda Mukamlar köşgünde görnükli kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde türkmen sazandalary we türki döwletleriň artistleri çykyş etdiler.
Türkmenistan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ICESCO) bilen hyzmatdaşlyga-da halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz şu ýylyň maýyndan bäri bu guramada synçy derejesine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolup, «KazanForum — 2026» atly halkara çärelere gatnaşandygyny bellemek gerek. Kazan şäheriniň 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna täze itergi we döredijilik ruhuny berýän birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Guramanyň Baş direktory öz çykyşynda 2028-nji ýylda Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek ugrunda degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtdy.
Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde aýdym-saz we teatr festiwallarynyň, konsertleriň, filmleriň görkezilişleriniň, sergileriň guralmagy medeni diplomatiýany işjeň ilerletmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Russiýa Federasiýasynda, Gruziýada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmen sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary daşary döwletlerde geçirilýän medeni hem-de döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Halkara festiwallarda, bäsleşiklerde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, abraýly baýraklara eýe bolýarlar.
Milli kinematograflarymyz hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Meşhur kino ussatlarynyň ýola goýan ýörelgeleri häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy şanly wakalaryň birine öwrüldi. Degişli sylaglary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda ýaýbaňlandyrylan Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezde geçirildi. Haýyr-sahawat gaznasyna filmiň döredilmegine goşan uly goşandy üçin «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite baýrak gowşuryldy. Öz gezeginde, kompozitor Kerim Berdimuhamedow filmi saz bilen bezändigi üçin «Ganatly altyn bedew» sylagy bilen sylaglanyldy.
“Kompozitor” filmi ozal hem abraýly sylaglaryň birnäçesine mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda film ýurdumyzda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna we “Iň gowy zenan keşbi” baýragyna eýe boldy. 2025-nji ýylda bu film Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp görlüpdi. Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň bu baýragy milli we umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän filmlere berilýär. Munuň özi häzirki zaman türkmen kinosynyň diňe bir özboluşly däpleri saklaman, eýsem, halkara medeni giňişlige hem işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi-de ugur edinýär. Dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy, taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşmak adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär. Bu babatda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan Watanymyz daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan geljegi uly bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydyr.
Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň netijeli gurallarynyň biri-de türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlardyr hem-de forumlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu şanly senäni 2024-nji ýylda dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrdy. Şol ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Onuň çäginde Magtymguly Pyragynyň uzakdan seleňläp görünýän ýadygärligi bina edildi. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgähde dürli ýurtlaryň we halklaryň wekilleri bolan meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleri oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu seýilgäh toplumy Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem ajaýyp nyşanyna öwrüldi.
Täze taryhy döwürde parahatçylygyň ilçileri bolup çykyş edýän ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi bilen milli hem-de dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara atly sport ýaryşlary, behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlardaky çykyşlary-da ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Şeýlelikde, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda medeni gün tertibini işjeň ilerletmek bilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly goşant goşup, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
Notes
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.Medeniýet jemgyýetiň ruhy binýady, onuň sazlaşykly ösüşiniň çeşmesidir. Ol sungaty we däp-dessurlary, bilimleri, aň-paýhas mümkinçiliklerini, mizemez ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Medeniýet adamyň dünýägaraýşyny, şahsy häsiýetlerini, döredijilikli pikirlenişini kemala getirýär. Taryhy tejribäni nesilden-nesle geçirmek bilen, ol döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy beýan edip, ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Medeniýetiň hem-de sungatyň döredijilik kuwwaty medeniýet işgärleriniň döredýän, halkymyzy täze belent sepgitlere ruhlandyrýan eserlerinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty gadymdan gelýän özboluşly däp-dessurlary we täzeçillikleri, baý taryhy tejribäni, häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigine şu ýylyň wakalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şolaryň hatarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan Medeniýet hepdeligi bar.Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen giň gerimli döredijilik forumynyň maksatnamasy baý mazmunly boldy. Guralan duşuşyklar, edebiýat agşamlary, maslahatlar, okuwlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sungat ussatlarynyň konsertleri, ýaş artistleriň çykyşlary, teatrlaşdyrylan sahnalar, filmleriň görkezilişleri, sergiler milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklerini hem-de täze taryhy eýýamda ösüş ugurlaryny beýan etdi.Her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreler milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsidir. Däp bolşy ýaly, şu ýyl esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň çeper keşbi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Halk däp-dessurlary, aýdym-sazly, folklor-sahnalaşdyrylan çykyşlar, milli amaly-haşam sungatynyň görnüşleri ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Her ýyl guralýan bu baýramçylyk ildeşlerimiziň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny özüne çekýär.Halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň ylmy esaslandyrmalara, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýan çuň mazmunly eserleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Muny olaryň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi hem tassyklaýar.Kitap döräli bäri ol bilim we paýhas çeşmesi hasaplanyp gelinýär. Okamak pikirlenişi, akyl ýetirijiligi ösdürip, dünýägaraýşy hem-de habarlylygy giňeldýär. Kitap taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň, ylym-bilimiň namasy bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitaba aýratyn hormat bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däpleriniň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy şäherlerde döredilen iri kitaphanalar hem şaýatlyk edýär. Gadymy Merw öz gülläp ösen döwründe ylmy merkez hökmünde meşhur bolup, kitaphanalarynda ýygnanan baý kitap gorlary bilen şöhratlanypdyr.Häzirki wagtda Diýarymyzda bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda, ähli sebitlerde möhüm medeni, aň-bilim ýaýradyş, ylmy hyzmatlary ýerine ýetirýän kitaphanalar hereket edýär. Kitap gaznalarynyň yzygiderli üsti ýetirilip, degişli maddy-enjamlaýyn binýat döwrebaplaşdyrylýar, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen geçen ýylda tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Kitaplary däp bolan saklaýjylardyr medeni ojaklar hökmünde kitaphanalaryň maksady okyjylaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmekden, olar bilen, şol sanda ägirt uly bilim çeşmeleri ýygnanan sanly giňişlikde işjeň aragatnaşykda bolmakdan ybaratdyr. Kitaphanalaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy gaznadaky kitaplaryň hasabyny we ýerleşdirilişini, maglumatlaryň gözlenilişini, toplanylyşyny, saklanylyşyny sazlaşykly ýola goýmaga ýardam edýär. Elektron kitaphanalaryň, sanly kitap gorlarynyň torunyň döredilmegi okyjylar köpçüligine zerur edebiýata giň elýeterliligi üpjün edýär.Medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary saklaýan muzeýlere uly orun degişlidir. Sergilerde görkezilýän, muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, şol sanda arheologik tapyndylar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk senetçilik eserleriniň nusgalary halkymyzyň taryhynyň we özboluşly däp-dessurlarynyň müňýyllyklara uzaýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň muzeýleriniň tapyndy gorlarynyň täze gymmatlyklar bilen ulgamlaýyn esasda üsti ýetirilýär. Olarda häzirki döwrümize mahsus ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar. Muzeý işini ösdürmek medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň netijesinde muzeýler ýurdumyzyň iri medeni, aň-bilim, ylmy-barlag merkezlerine öwrüldi.Diýarymyzyň çäginde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi hereket edýär. Olaryň her biri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýdir. Sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy muzeýleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda muzeýleriň web saýtlary, wirtual syýahat ugurlary dürli gymmatlyklaryň toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaş nesliň öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Soňky ýyllarda daşary döwletlerde, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri sungat merkezi bolan Nýu-Ýorkdaky “Metropoliten” muzeýinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birnäçe muzeýlerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň iri sergileriniň guralandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda Rimdäki Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde onuň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Täze taryhy döwürde milli teatr sungaty gadymy däpleri, nusgawy mekdebi we dramaturgiýanyň täze ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyryp, okgunly ösýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryna türkmen we daşary döwletleriň nusgawy, häzirki zaman edebi eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar girizilýär. Teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahna oýunlary goýlup, olarda Watanymyzyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy, üstünlikleri aýdyň beýanyny tapýar.Milli Liderimiziň tagallalary esasynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan opera sungatynyň ösüşine täze itergi berildi. Soňky döwürde meşhur opera spektakllary täzeden goýuldy. “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Aýna” we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. “Görogly”, “Magtymguly” ýaly täze operalaryň ilkinji görkezilişleri boldy. Şu ýylyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna “Leýli-Mejnun” operasynyň görkezilişi girizildi.Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Onuň kemala gelmegi we ösüşi görnükli türkmen kompozitorlarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýaş zehinler üstünlikli işleýärler. Şunuň bilen birlikde, aýdym-sazyň beýleki žanrlary, aýdym aýtmak we horeografiýa sungaty ösdürilýär. Şunda halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly döredijilik däpleriniň goralyp saklanylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Bagşyçylyk sungatyny, “Küştdepdi” aýdym we tans dessuryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty bu ugurda ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda hem ýöriteleşdirilen sazçylyk we sungat mekdepleri hereket edýär.Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň öz zehinini we başarnyklaryny doly açmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezinde ýaşajyk raýatlarymyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary, baý milli mirasymyz bilen içgin tanyşmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bu toplum Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sanly tehnologiýalar ornaşdyryljak täze binasyny hem öz içine alar. Onuň çäginde teleskop arkaly älem giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň boljakdygy bellärliklidir. Bu kitaphananyň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller baradaky atalyk aladasynyň ýene bir aýdyň güwäsidir.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärleriniň höweslendirilmegi we hemmetaraplaýyn goldanylmagy, olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, ajaýyp eserleri döretmekleri üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirer. Bu işde ýurdumyzda guralýan dürli döredijilik bäsleşiklerine aýratyn orun degişlidir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik her ýyl köp sanly gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri geçirilýär.Häzirki zaman dünýäsinde medeniýet has köpgyraňly häsiýete eýe bolýar. Halkara hyzmatdaşlygyň ählumumy guraly bolmak bilen, ol halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmäge, ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklara ýardam edip, parahatçylykly dialog üçin meýdançany döredýär. Bitarap Türkmenistan medeni diplomatiýany yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Bu maksatlar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda gol çeken degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem esasyny düzýär.Mälim bolşy ýaly, bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Gaýtalanmajak milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini we ugurlaryny giňeltmek, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda tejribe alşylmagy üçin döredijilik meýdançalaryny döretmek Strategiýada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG, onuň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzy BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk ýakyn hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu babatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna möhüm orun degişlidir.Bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen topragynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça bu düzüm bilen bilelikde amala aşyrylýan giň gerimli işleri görkezmek bolar. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeniýetiniň özboluşly desgalarynyň, däp-dessurlarynyň, ýurdumyzyň tebigy gözel ýerleriniň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi olaryň umumadamzat ähmiýetine eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda degişli işler ulgamlaýyn esasda dowam etdirilýär.Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy hem okgunly häsiýete eýedir. Şu ýylyň wakalary muny ýene bir gezek tassyklaýar. Şolaryň hatarynda 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-yň XXVII opera günleri mynasybetli guralan dabaraly konserti görkezmek bolar. Ol ýurdumyzyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň aýdym-saz sungaty boýunça ussatlaryny bir ýere jemledi. Olaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy dünýä we türki opera sungatynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Onuň öňüsyrasynda Mukamlar köşgünde görnükli kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde türkmen sazandalary we türki döwletleriň artistleri çykyş etdiler.Türkmenistan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ICESCO) bilen hyzmatdaşlyga-da halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz şu ýylyň maýyndan bäri bu guramada synçy derejesine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolup, «KazanForum — 2026» atly halkara çärelere gatnaşandygyny bellemek gerek. Kazan şäheriniň 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna täze itergi we döredijilik ruhuny berýän birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Guramanyň Baş direktory öz çykyşynda 2028-nji ýylda Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek ugrunda degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtdy.Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde aýdym-saz we teatr festiwallarynyň, konsertleriň, filmleriň görkezilişleriniň, sergileriň guralmagy medeni diplomatiýany işjeň ilerletmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Russiýa Federasiýasynda, Gruziýada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmen sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary daşary döwletlerde geçirilýän medeni hem-de döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Halkara festiwallarda, bäsleşiklerde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, abraýly baýraklara eýe bolýarlar.Milli kinematograflarymyz hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Meşhur kino ussatlarynyň ýola goýan ýörelgeleri häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy şanly wakalaryň birine öwrüldi. Degişli sylaglary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda ýaýbaňlandyrylan Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezde geçirildi. Haýyr-sahawat gaznasyna filmiň döredilmegine goşan uly goşandy üçin «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite baýrak gowşuryldy. Öz gezeginde, kompozitor Kerim Berdimuhamedow filmi saz bilen bezändigi üçin «Ganatly altyn bedew» sylagy bilen sylaglanyldy.“Kompozitor” filmi ozal hem abraýly sylaglaryň birnäçesine mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda film ýurdumyzda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna we “Iň gowy zenan keşbi” baýragyna eýe boldy. 2025-nji ýylda bu film Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp görlüpdi. Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň bu baýragy milli we umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän filmlere berilýär. Munuň özi häzirki zaman türkmen kinosynyň diňe bir özboluşly däpleri saklaman, eýsem, halkara medeni giňişlige hem işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi-de ugur edinýär. Dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy, taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşmak adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär. Bu babatda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan Watanymyz daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan geljegi uly bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydyr.Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň netijeli gurallarynyň biri-de türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlardyr hem-de forumlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu şanly senäni 2024-nji ýylda dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrdy. Şol ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Onuň çäginde Magtymguly Pyragynyň uzakdan seleňläp görünýän ýadygärligi bina edildi. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgähde dürli ýurtlaryň we halklaryň wekilleri bolan meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleri oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu seýilgäh toplumy Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem ajaýyp nyşanyna öwrüldi.Täze taryhy döwürde parahatçylygyň ilçileri bolup çykyş edýän ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi bilen milli hem-de dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara atly sport ýaryşlary, behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlardaky çykyşlary-da ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.Şeýlelikde, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda medeni gün tertibini işjeň ilerletmek bilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly goşant goşup, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär. Medeniýet jemgyýetiň ruhy binýady, onuň sazlaşykly ösüşiniň çeşmesidir. Ol sungaty we däp-dessurlary, bilimleri, aň-paýhas mümkinçiliklerini, mizemez ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Medeniýet adamyň dünýägaraýşyny, şahsy häsiýetlerini, döredijilikli pikirlenişini kemala getirýär. Taryhy tejribäni nesilden-nesle geçirmek bilen, ol döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy beýan edip, ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Medeniýetiň hem-de sungatyň döredijilik kuwwaty medeniýet işgärleriniň döredýän, halkymyzy täze belent sepgitlere ruhlandyrýan eserlerinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty gadymdan gelýän özboluşly däp-dessurlary we täzeçillikleri, baý taryhy tejribäni, häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigine şu ýylyň wakalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şolaryň hatarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan Medeniýet hepdeligi bar. Şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen giň gerimli döredijilik forumynyň maksatnamasy baý mazmunly boldy. Guralan duşuşyklar, edebiýat agşamlary, maslahatlar, okuwlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sungat ussatlarynyň konsertleri, ýaş artistleriň çykyşlary, teatrlaşdyrylan sahnalar, filmleriň görkezilişleri, sergiler milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklerini hem-de täze taryhy eýýamda ösüş ugurlaryny beýan etdi. Her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreler milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsidir. Däp bolşy ýaly, şu ýyl esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň çeper keşbi baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Halk däp-dessurlary, aýdym-sazly, folklor-sahnalaşdyrylan çykyşlar, milli amaly-haşam sungatynyň görnüşleri ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Her ýyl guralýan bu baýramçylyk ildeşlerimiziň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny özüne çekýär. Halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň ylmy esaslandyrmalara, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýan çuň mazmunly eserleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Muny olaryň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi hem tassyklaýar. Kitap döräli bäri ol bilim we paýhas çeşmesi hasaplanyp gelinýär. Okamak pikirlenişi, akyl ýetirijiligi ösdürip, dünýägaraýşy hem-de habarlylygy giňeldýär. Kitap taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň, ylym-bilimiň namasy bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitaba aýratyn hormat bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däpleriniň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy şäherlerde döredilen iri kitaphanalar hem şaýatlyk edýär. Gadymy Merw öz gülläp ösen döwründe ylmy merkez hökmünde meşhur bolup, kitaphanalarynda ýygnanan baý kitap gorlary bilen şöhratlanypdyr. Häzirki wagtda Diýarymyzda bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda, ähli sebitlerde möhüm medeni, aň-bilim ýaýradyş, ylmy hyzmatlary ýerine ýetirýän kitaphanalar hereket edýär. Kitap gaznalarynyň yzygiderli üsti ýetirilip, degişli maddy-enjamlaýyn binýat döwrebaplaşdyrylýar, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen geçen ýylda tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Kitaplary däp bolan saklaýjylardyr medeni ojaklar hökmünde kitaphanalaryň maksady okyjylaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmekden, olar bilen, şol sanda ägirt uly bilim çeşmeleri ýygnanan sanly giňişlikde işjeň aragatnaşykda bolmakdan ybaratdyr. Kitaphanalaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy gaznadaky kitaplaryň hasabyny we ýerleşdirilişini, maglumatlaryň gözlenilişini, toplanylyşyny, saklanylyşyny sazlaşykly ýola goýmaga ýardam edýär. Elektron kitaphanalaryň, sanly kitap gorlarynyň torunyň döredilmegi okyjylar köpçüligine zerur edebiýata giň elýeterliligi üpjün edýär. Medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklary saklaýan muzeýlere uly orun degişlidir. Sergilerde görkezilýän, muzeý gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, şol sanda arheologik tapyndylar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halk senetçilik eserleriniň nusgalary halkymyzyň taryhynyň we özboluşly däp-dessurlarynyň müňýyllyklara uzaýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň muzeýleriniň tapyndy gorlarynyň täze gymmatlyklar bilen ulgamlaýyn esasda üsti ýetirilýär. Olarda häzirki döwrümize mahsus ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar. Muzeý işini ösdürmek medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň netijesinde muzeýler ýurdumyzyň iri medeni, aň-bilim, ylmy-barlag merkezlerine öwrüldi. Diýarymyzyň çäginde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň birnäçesi hereket edýär. Olaryň her biri açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýdir. Sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy muzeýleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda muzeýleriň web saýtlary, wirtual syýahat ugurlary dürli gymmatlyklaryň toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaş nesliň öz ýurdunyň taryhyna we medeniýetine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Soňky ýyllarda daşary döwletlerde, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri sungat merkezi bolan Nýu-Ýorkdaky “Metropoliten” muzeýinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň birnäçe muzeýlerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň iri sergileriniň guralandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň aprel aýynda Rimdäki Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde onuň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze taryhy döwürde milli teatr sungaty gadymy däpleri, nusgawy mekdebi we dramaturgiýanyň täze ugurlaryny sazlaşykly utgaşdyryp, okgunly ösýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryna türkmen we daşary döwletleriň nusgawy, häzirki zaman edebi eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar girizilýär. Teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahna oýunlary goýlup, olarda Watanymyzyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy, üstünlikleri aýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan opera sungatynyň ösüşine täze itergi berildi. Soňky döwürde meşhur opera spektakllary täzeden goýuldy. “Şasenem-Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Aýna” we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. “Görogly”, “Magtymguly” ýaly täze operalaryň ilkinji görkezilişleri boldy. Şu ýylyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna “Leýli-Mejnun” operasynyň görkezilişi girizildi. Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Onuň kemala gelmegi we ösüşi görnükli türkmen kompozitorlarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýaş zehinler üstünlikli işleýärler. Şunuň bilen birlikde, aýdym-sazyň beýleki žanrlary, aýdym aýtmak we horeografiýa sungaty ösdürilýär. Şunda halkymyzyň köpasyrlyk özboluşly döredijilik däpleriniň goralyp saklanylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Bagşyçylyk sungatyny, “Küştdepdi” aýdym we tans dessuryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmen döwlet medeniýet instituty bu ugurda ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda hem ýöriteleşdirilen sazçylyk we sungat mekdepleri hereket edýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň öz zehinini we başarnyklaryny doly açmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkezinde ýaşajyk raýatlarymyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary, baý milli mirasymyz bilen içgin tanyşmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, onuň düýbüni tutmak dabarasy 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bu toplum Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sanly tehnologiýalar ornaşdyryljak täze binasyny hem öz içine alar. Onuň çäginde teleskop arkaly älem giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň boljakdygy bellärliklidir. Bu kitaphananyň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller baradaky atalyk aladasynyň ýene bir aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärleriniň höweslendirilmegi we hemmetaraplaýyn goldanylmagy, olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, ajaýyp eserleri döretmekleri üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirer. Bu işde ýurdumyzda guralýan dürli döredijilik bäsleşiklerine aýratyn orun degişlidir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik her ýyl köp sanly gatnaşyjylary bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri geçirilýär. Häzirki zaman dünýäsinde medeniýet has köpgyraňly häsiýete eýe bolýar. Halkara hyzmatdaşlygyň ählumumy guraly bolmak bilen, ol halklaryň we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmäge, ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklara ýardam edip, parahatçylykly dialog üçin meýdançany döredýär. Bitarap Türkmenistan medeni diplomatiýany yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Bu maksatlar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda gol çeken degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem esasyny düzýär. Mälim bolşy ýaly, bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Gaýtalanmajak milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini we ugurlaryny giňeltmek, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda tejribe alşylmagy üçin döredijilik meýdançalaryny döretmek Strategiýada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda BMG, onuň iri ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyzy BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk ýakyn hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu babatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna möhüm orun degişlidir. Bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen topragynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça bu düzüm bilen bilelikde amala aşyrylýan giň gerimli işleri görkezmek bolar. Türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeniýetiniň özboluşly desgalarynyň, däp-dessurlarynyň, ýurdumyzyň tebigy gözel ýerleriniň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi olaryň umumadamzat ähmiýetine eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda degişli işler ulgamlaýyn esasda dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy hem okgunly häsiýete eýedir. Şu ýylyň wakalary muny ýene bir gezek tassyklaýar. Şolaryň hatarynda 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-yň XXVII opera günleri mynasybetli guralan dabaraly konserti görkezmek bolar. Ol ýurdumyzyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň aýdym-saz sungaty boýunça ussatlaryny bir ýere jemledi. Olaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy dünýä we türki opera sungatynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Onuň öňüsyrasynda Mukamlar köşgünde görnükli kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde türkmen sazandalary we türki döwletleriň artistleri çykyş etdiler. Türkmenistan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ICESCO) bilen hyzmatdaşlyga-da halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz şu ýylyň maýyndan bäri bu guramada synçy derejesine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-14-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolup, «KazanForum — 2026» atly halkara çärelere gatnaşandygyny bellemek gerek. Kazan şäheriniň 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynda Gahryman Arkadagymyz ICESCO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna täze itergi we döredijilik ruhuny berýän birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Guramanyň Baş direktory öz çykyşynda 2028-nji ýylda Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek ugrunda degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtdy. Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde aýdym-saz we teatr festiwallarynyň, konsertleriň, filmleriň görkezilişleriniň, sergileriň guralmagy medeni diplomatiýany işjeň ilerletmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şu ýyl Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Russiýa Federasiýasynda, Gruziýada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmen sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary daşary döwletlerde geçirilýän medeni hem-de döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Halkara festiwallarda, bäsleşiklerde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, abraýly baýraklara eýe bolýarlar. Milli kinematograflarymyz hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Meşhur kino ussatlarynyň ýola goýan ýörelgeleri häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy şanly wakalaryň birine öwrüldi. Degişli sylaglary gowşurmak dabarasy şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda ýaýbaňlandyrylan Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezde geçirildi. Haýyr-sahawat gaznasyna filmiň döredilmegine goşan uly goşandy üçin «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite baýrak gowşuryldy. Öz gezeginde, kompozitor Kerim Berdimuhamedow filmi saz bilen bezändigi üçin «Ganatly altyn bedew» sylagy bilen sylaglanyldy. “Kompozitor” filmi ozal hem abraýly sylaglaryň birnäçesine mynasyp bolupdy. 2024-nji ýylda film ýurdumyzda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna we “Iň gowy zenan keşbi” baýragyna eýe boldy. 2025-nji ýylda bu film Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp görlüpdi. Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň bu baýragy milli we umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän filmlere berilýär. Munuň özi häzirki zaman türkmen kinosynyň diňe bir özboluşly däpleri saklaman, eýsem, halkara medeni giňişlige hem işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi-de ugur edinýär. Dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy, taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşmak adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär. Bu babatda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan Watanymyz daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan geljegi uly bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydyr. Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň netijeli gurallarynyň biri-de türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlardyr hem-de forumlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi möhüm waka boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu şanly senäni 2024-nji ýylda dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrdy. Şol ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Onuň çäginde Magtymguly Pyragynyň uzakdan seleňläp görünýän ýadygärligi bina edildi. Şeýle hem bu ýerdäki seýilgähde dürli ýurtlaryň we halklaryň wekilleri bolan meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleri oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu seýilgäh toplumy Aşgabadyň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Täze taryhy döwürde parahatçylygyň ilçileri bolup çykyş edýän ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi bilen milli hem-de dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara atly sport ýaryşlary, behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlardaky çykyşlary-da ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şeýlelikde, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Bitarap Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda medeni gün tertibini işjeň ilerletmek bilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly goşant goşup, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.