05.08 / Jemgyýet
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň jemgyýeti sazlaşykly ösdürmäge, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş strategiýasynyň esasyny düzýär. Şu gezekki ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty hem bu strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdançadyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar.Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen we ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde haýyr-sahawat işini alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyryldy. Gaznanyň bu asylly işi çagalara jemgyýetiň durmuşyna doly derejede goşulyşmaga, olaryň ene-atalaryna bolsa ertirki güne ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna hassahanalaryň we ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu düzüm ýurdumyzyň ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Şeýle hem bilelikdäki taslamalar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli geňeşmeler geçirilýär, öňdebaryjy tejribeler alşylýar we ýurdumyzda her bir çaganyň hukugyny goramaga, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär....Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli “tegelek stol” maslahatyna gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, tutuş toparyň tutanýerli zähmetini, işine ygrarlylygyny aýratyn belledi.Gaznanyň wise-prezidenti bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär.Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary, amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.Gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli esasda ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi.Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady. “Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!” diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi.Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň möhüm ähmiýetini belledi.Türkmen tarapynyň çykyşlarynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Türkmenistanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, munuň her bir çaganyň doly derejeli iýmitlenmeginiň, sagdyn we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidigi bellenildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak enäniň, çaganyň saglygyny goramak babatda hyzmatlaryň hataryna ornaşdyrylyp, maşgalalary goldamak hem-de olara ýokary hilli maslahatlary bermek üçin lukmançylyk işgärleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär.Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna wajyp orun degişlidir.Çykyşlar tamamlanandan soňra, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi. Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.«Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek: subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar beýan edildi.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilen “Ene süýdi — iň gowy başlangyç” çäresiniň netijelerine üns berildi. Munuň özi çagany ilkinji alty aýda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.«Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär. Kanunyň esasy maksady eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ähmiýetini, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr.«Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap, şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi.Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary, bu meselä üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmäge we çagalaryň röwşen geljegine maýa goýmaga çagyrdy.Şeýlelikde, şu günki maslahat ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň jemgyýeti sazlaşykly ösdürmäge, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş strategiýasynyň esasyny düzýär. Şu gezekki ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty hem bu strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdançadyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar.
Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.
Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen we ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde haýyr-sahawat işini alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyryldy. Gaznanyň bu asylly işi çagalara jemgyýetiň durmuşyna doly derejede goşulyşmaga, olaryň ene-atalaryna bolsa ertirki güne ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna hassahanalaryň we ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.
BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu düzüm ýurdumyzyň ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Şeýle hem bilelikdäki taslamalar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli geňeşmeler geçirilýär, öňdebaryjy tejribeler alşylýar we ýurdumyzda her bir çaganyň hukugyny goramaga, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.
...Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli “tegelek stol” maslahatyna gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, tutuş toparyň tutanýerli zähmetini, işine ygrarlylygyny aýratyn belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär.
Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary, amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli esasda ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady. “Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!” diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Türkmenistanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, munuň her bir çaganyň doly derejeli iýmitlenmeginiň, sagdyn we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidigi bellenildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak enäniň, çaganyň saglygyny goramak babatda hyzmatlaryň hataryna ornaşdyrylyp, maşgalalary goldamak hem-de olara ýokary hilli maslahatlary bermek üçin lukmançylyk işgärleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär.
Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna wajyp orun degişlidir.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi. Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.
«Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek: subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar beýan edildi.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilen “Ene süýdi — iň gowy başlangyç” çäresiniň netijelerine üns berildi. Munuň özi çagany ilkinji alty aýda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.
«Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär. Kanunyň esasy maksady eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ähmiýetini, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr.
«Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap, şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary, bu meselä üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmäge we çagalaryň röwşen geljegine maýa goýmaga çagyrdy.
Şeýlelikde, şu günki maslahat ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Notes
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň jemgyýeti sazlaşykly ösdürmäge, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş strategiýasynyň esasyny düzýär. Şu gezekki ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty hem bu strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdançadyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar.Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen we ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde haýyr-sahawat işini alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyryldy. Gaznanyň bu asylly işi çagalara jemgyýetiň durmuşyna doly derejede goşulyşmaga, olaryň ene-atalaryna bolsa ertirki güne ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna hassahanalaryň we ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu düzüm ýurdumyzyň ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Şeýle hem bilelikdäki taslamalar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli geňeşmeler geçirilýär, öňdebaryjy tejribeler alşylýar we ýurdumyzda her bir çaganyň hukugyny goramaga, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär....Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli “tegelek stol” maslahatyna gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, tutuş toparyň tutanýerli zähmetini, işine ygrarlylygyny aýratyn belledi.Gaznanyň wise-prezidenti bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär.Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary, amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.Gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli esasda ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi.Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady. “Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!” diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi.Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň möhüm ähmiýetini belledi.Türkmen tarapynyň çykyşlarynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Türkmenistanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, munuň her bir çaganyň doly derejeli iýmitlenmeginiň, sagdyn we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidigi bellenildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak enäniň, çaganyň saglygyny goramak babatda hyzmatlaryň hataryna ornaşdyrylyp, maşgalalary goldamak hem-de olara ýokary hilli maslahatlary bermek üçin lukmançylyk işgärleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär.Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna wajyp orun degişlidir.Çykyşlar tamamlanandan soňra, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi. Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.«Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek: subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar beýan edildi.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilen “Ene süýdi — iň gowy başlangyç” çäresiniň netijelerine üns berildi. Munuň özi çagany ilkinji alty aýda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.«Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.«Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär. Kanunyň esasy maksady eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ähmiýetini, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr.«Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap, şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi.Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary, bu meselä üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmäge we çagalaryň röwşen geljegine maýa goýmaga çagyrdy.Şeýlelikde, şu günki maslahat ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň jemgyýeti sazlaşykly ösdürmäge, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş strategiýasynyň esasyny düzýär. Şu gezekki ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty hem bu strategik ähmiýetli ulgamda alnyp barlan köpýyllyk işleriň jemini jemlemek we täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdançadyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde eneler we ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada diňe bir lukmançylyk wezipesi däl-de, eýsem, uzak möhletli durnukly ösüşiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. Kadalaşdyryjy hukuk binýady, şol sanda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk hem-de amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarda gurlan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça merkezler ýokary standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar. Durmuş goraglylygyny üpjün etmek ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna aýratyn orun degişlidir. Gazna çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen we ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisini almaga mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermekde haýyr-sahawat işini alyp barýar. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga öňdebaryjy hassahanalarda çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary amala aşyryldy. Gaznanyň bu asylly işi çagalara jemgyýetiň durmuşyna doly derejede goşulyşmaga, olaryň ene-atalaryna bolsa ertirki güne ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna hassahanalaryň we ýöriteleşdirilen edaralaryň çagalar bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary, zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň möhüm bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, täze doglan çagalaryň saglygyny berkitmäge, irki ösüşini goldamaga gönükdirilen maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde ählumumy immunizasiýa, çagalary dogry iýmitlendirmek standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu düzüm ýurdumyzyň ýokanç keselleriň öňüni almakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Şeýle hem bilelikdäki taslamalar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge, lukmançylyk işgärleriniň hem-de pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyr boldy. Resmi taýdan berkidilen bu strategik hyzmatdaşlyk gaznanyň ynsanperwer işini we ÝUNISEF-niň köpýyllyk dünýä tejribesini birleşdirýär. Bilelikde alnyp barylýan işler ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, çagalaryň kesellerini irki anyklaýyş standartlaryny ornaşdyrmaga, inklýuziw bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli geňeşmeler geçirilýär, öňdebaryjy tejribeler alşylýar we ýurdumyzda her bir çaganyň hukugyny goramaga, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. ...Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan maslahaty açyp, şeýle ähmiýetli halkara çäräni geçirmäge berlen goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny pugtalandyrmaga bagyşlanan milli “tegelek stol” maslahatyna gatnaşmagyň ÝUNISEF üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Gaznanyň wise-prezidenti maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi we çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde dowam etdi. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, ÝUNISEF bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, tutuş toparyň tutanýerli zähmetini, işine ygrarlylygyny aýratyn belledi. Gaznanyň wise-prezidenti bu duşuşygyň maksadynyň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, aýratyn-da, Türkmenistanda bu babatda habarlylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglydygyny nygtap, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli, gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala durmuşynyň medeniýetini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine uly üns berýändigini subut edýär. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» diýen milli ýörelgä laýyklykda, bu ugurda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Bu ýerde biz saglygy goraýyş ulgamynyň aýratyn ornuny nygtamalydyrys. Zenanlar göwreli wagtynda, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary, amaly kömegi almalydyrlar. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi edaralary enelere kynçylyklary ýeňip geçmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üstünlikli ýola goýmaga kömek etmekde esasy orny eýeleýär. Şeýle hem bu ugurda köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Mejlis, döwlet edaralary, lukmançylyk işgärleri, işewürler, raýat jemgyýeti, jemgyýetçilik we ösüş boýunça hyzmatdaşlar — bularyň her biri enäniň çagany iýmitlendirmek barada düşünjeli çözgütleri kabul edip biljek we zerur goldawy alyp biljek gurşawyny döretmekde öz ornuny eýeleýär. Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Gaznanyň wise-prezidenti ýerli eneleri çekmek bilen, «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramagy teklip edip, olara ýokary hünär derejeli şepagat uýalarynyň ýa-da laktasiýa boýunça hünärmenleriň sapak berip biljekdiklerini aýtdy. Ol bu çemeleşmäniň käbir derejede eýýäm tejribede ulanylýandygyny, ýöne muny yzygiderli esasda ýurdumyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirmegiň mümkindigini belläp, munuň üçin tagalla etmegiň gerekdigini aýtdy we bu işi doly amala aşyryp boljakdygyna ynam bildirdi. Gaznanyň wise-prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň gatnaşmagynda has giň möçberli maglumat çäresini ýola goýmagy teklip edip, munuň maşgala we jemgyýet derejesinde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň aýratyn ähmiýeti barada maglumatlary ýaýratmakda, ýerli işewürligi emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekde zerurdygyny nygtady. “Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!” diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan çuň manyly çykyşy üçin Oguljahan Atabaýewa hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň Türkmenistanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, munuň her bir çaganyň doly derejeli iýmitlenmeginiň, sagdyn we sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidigi bellenildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak enäniň, çaganyň saglygyny goramak babatda hyzmatlaryň hataryna ornaşdyrylyp, maşgalalary goldamak hem-de olara ýokary hilli maslahatlary bermek üçin lukmançylyk işgärleriniň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy dowam etdirilýär. Çykyşlarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eneligi we çagalygy goramak, maşgala institutyny pugtalandyrmak, sagdyn nesli kemala getirmek meselelerine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi aýdyldy. Türkmenistanda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň arasynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesi boýunça yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna wajyp orun degişlidir. Çykyşlar tamamlanandan soňra, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasion şekiller görkezildi. Onda ene süýdüniň ähmiýeti we peýdalary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi. «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek: subutnamalar we seljerme» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmek ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri tanyşdyryldy hem-de maşgalalary goldamagy güýçlendirmek boýunça birnäçe maslahatlar beýan edildi. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça bilelikdäki media taslamasynyň netijeleri» atly sessiýada bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ÝUNISEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, Zenanlar birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilen “Ene süýdi — iň gowy başlangyç” çäresiniň netijelerine üns berildi. Munuň özi çagany ilkinji alty aýda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Ene süýdi bilen iýmitlendirmekde goldaw hyzmatlaryny berkitmek» atly sessiýada ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan peýdalary we bu ugurda okuw maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi. «Kanunçylyk we syýasat gurşawy» atly sessiýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar» diýlip bellenilýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny goraýan birnäçe kanunçylyk namalarynyň hereket edýändigi aýdyldy. Şolaryň hatarynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm orny eýeleýär. Kanunyň esasy maksady eneleriň çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ähmiýetini, onuň enäniň we çaganyň saglygyna ýetirýän oňyn täsirini wagyz etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň bir bitewi hukuk esasyny döretmekden ybaratdyr. «Indiki ädimler» atly jemleýji sessiýada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. O.Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtap, şu maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi. Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary, bu meselä üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri bu ugurdaky tagallalary dowam etdirmäge we çagalaryň röwşen geljegine maýa goýmaga çagyrdy. Şeýlelikde, şu günki maslahat ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.