15.07 / Teswirlemeler
Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şygary bolsa taryhy üstünliklere beslenip geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 161 döwleti hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň 54-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, deňagramly, inklýuziw ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Watanymyzyň özboluşly daşary syýasy ugry köp babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamalarda üç gezek resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda kämilleşdirildi. Bu ykbal kesgitleýji saýlaw ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, harby bileleşiklere goşulyşmazlyga, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, özboluşly milli aýratynlygymyzy kemala getirmäge ýardam etdi. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertine öwrülendigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerini, gazanan üstünliklerini, ägirt uly netijelerini kesgitleýän, ýurdumyzyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigini nygtady. Bu gazanylan tejribe Bitaraplygyň bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biljekdigine şaýatlyk edýär.Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürýän, döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin pikirdeşleriniň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly kepili hökmünde bitaraplyk, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog gymmatlyklaryny işjeň ilerledýär. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş edip, parahatçylygy, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.Ýurdumyz milli döwletliligini ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribä hem-de türkmenistanlylaryň goldawyna daýanýar. Munuň özi ähli giň gerimli özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň üstünliklere beslenmegini kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy, Watanymyzyň durnuklylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde halkymyzyň esasy ornuny tassyklaýar. Bu maksatnamalaýyn ýörelge her bir şahsyýetiň abadançylygyny, hukuklaryny, bähbitlerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň yzygiderli dowamydyr. Bu strategiýa adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär.Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň adam maýasyna gönükdirilmegi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli onuň aýdyň durmuş häsiýetini kesgitledi. Munuň şeýledigini birnäçe görkezijiler hem tassyklaýar. 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 54,9 göterimi medeni-durmuş maksatly desgalaryň, 45,1 göterimi bolsa önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti düýpli özgertmäge, ony döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän, birtaraply çig mal nusgasyndan bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, hususy pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe tapgyrlaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugry hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak we täze, düşewüntli pudaklary döretmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Ählumumy ösüş meýillerine laýyklykda, sanly özgertmeler netijeli amala aşyrylýar, öňdebaryjy ylmyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar tejribä ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde duran giň gerimli wezipeler we olary çözmegiň ýollary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir.Geçen döwrüň dowamynda durnukly ykdysady ösüş oýlanyşykly döwlet strategiýasy, içerki we daşarky maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň netijeli maýalaşdyrylmagy arkaly üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Hytaýa we Eýrana çenli uzaýan täze gaz geçirijiler çekildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň dürli eksport ugurly bazarlara iberilmegi bilen bir hatarda, dünýäde uly islegden peýdalanylýan we onuň gaýtadan işlenilmeginden alynýan, ýokary goşulan bahaly önümleriň — benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň ýurdumyzda öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen senagat toplumlarynyň biri-de Owadandepede ýerleşýän, ekologik taýdan arassa «Euro-5» standartly benzini (ECO-93), suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, dizel ýangyjyny öndürýän innowasion zawoddyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň «TIGAS» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan bu zawod 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek.Milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede ösen binýatlyk pudagy hasaplanýan elektroenergetika pudagy hem Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere durnukly eksport etmekde hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe boldy. Esasy elektrik öndürijilik kuwwatlyklary iri elektrik stansiýalarynda, şol sanda Mary, Lebap, Derweze, Aşgabat, Abadan, Balkanabat döwlet elektrik stansiýalarynda we beýlekilerde jemlenendir. Balkan welaýatynda döwrebap, utgaşykly görnüşli Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi ýurdumyzyň arassa, gaýtadan dikeldilýän energetika uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýany bolar.Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen ykdysadyýetiň strategik pudagyny üstünlikli ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dökün öndürmek boýunça milli oba hojalyk toplumyny, eksportyň ep-esli bölegini üpjün edýän döwrebap kärhanalary döretdi. Olara Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody, Mary we Tejen karbamid zawodlary, Lebap welaýatyndaky fosfor dökünlerini öndürmäge ýöriteleşen Türkmenabat himiýa zawody degişlidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumyň, Gyýanlyda karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.Gaz we nebithimiýa, umuman, himiýa senagatynyň ýokary depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşmäge ukyply dokma senagaty döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamyň täze toplumlarynyň gurluşygyna, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirildi. Häzirki wagtda pudakda onlarça kärhana, şol sanda doly önümçilik tapgyrly innowasion toplumlar, pagta egriji we dokma önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri hereket edýär. Kaka, Baýramaly, Babadaýhan, Aşgabat dokma toplumlary, Türkmenbaşy jins toplumy ýaly pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynda ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dokma önümleriniň, nusgawy we sport geýimleriniň, gündelik sarp edilýän beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Hormatly Prezidentimiz «Turkmentextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki wagtda türkmen dokma önümleriniň dünýäniň onlarça döwletine üstünlikli eksport edilýändigini belledi. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.Dokma senagatyny ösdürmekde ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly obasenagat toplumyna öwrüldi. Bu möhüm pudakda ony dolandyrmak, bazar gurallaryny, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze önümçilikleri ösdürmek, bar bolan düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, senagatyň çig mala, ilatyň bolsa ýokary hilli azyk önümlerine barha artýan isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.Garaşsyzlyk ýyllarynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Aşgabat Halkara howa menziliniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýaly iri maýa goýum taslamalary hem munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen, Ýewraziýanyň geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm logistika merkezine öwrülýär.Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen, binagärlik aýratynlyklary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp megapolise öwrüldi. Ähli sebitlerde döwrebap, abadanlaşdyrylan şäherçeleriň we obalaryň, şäherlerde bolsa zerur bolan ähli düzümleri özünde jemleýän iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan edilýän aladanyň nyşanydyr. Diňe geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň ulanmaga berilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Olarda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherini aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda sanly standartlara laýyk gelýän 220-den gowrak desganyň gurluşygyny göz öňünde tutýan şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Şolaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, halkara ülňülere görä taslamalaşdyrylan çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ilaty iş bilen üpjün etmäge gönükdirilen önümçilik toplumlary bar.Garaşsyzlyk ruhy-medeni galkynyşa, milli aň-düşünjäniň kemala gelmegine kuwwatly itergi berdi hem-de öz taryhymyzy, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge gyzyklanmanyň ep-esli artmagyna ýardam etdi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwlet muzeýleriniň, sergi merkezleriniň täze binalary açylyp ulanmaga berildi. Olarda gymmatly arheologik tapyndylar, amaly-haşam sungatynyň eserleri aýawly saklanylýar. Döwrebap teatr-konsert, kinematografiýa we sirk düzümi döredildi.Ýurdumyzyň alymlary halkymyzyň taryhy kökleri, görnükli şahsyýetleri, durmuş-ýaşaýyş däp-dessurlary, senetçiligi barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ýüzlerçe golýazmalary hem-de beýleki çeşmeleri ýygnadylar we öwrendiler. Olar halkymyzyň taryhy-medeni mirasy baradaky köp sanly neşirleriň düýp esasyny düzdi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, Gündogaryň beýleki akyldarlarynyň eserlerini öwrenmegiň, terjime we neşir etmegiň giň gerimi Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda giňden bellenip geçilen 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan milli we halkara medeni taslamalarda aýdyň beýanyny tapdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň medeni baýlyklary dünýäde giňden tanalyp, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri, Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň aýdyň güwäsidir.Şeýlelikde, dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerledýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegi, ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginiň esasynda halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň netijeli ulgamynyň döredilmegi, milli mirasymyza we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan medeniýetimiziň gülläp ösmegi Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan esasy üstünlikleridir. Bu hemmetaraplaýyn ösüş Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy ösdürmegiň öňdengörüjilikli strategiýasy, şeýle hem geljege uly ynam, ruhubelentlik bilen garaýan halkymyzyň jebisligi arkaly üpjün edilendir.
Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şygary bolsa taryhy üstünliklere beslenip geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 161 döwleti hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň 54-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, deňagramly, inklýuziw ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Watanymyzyň özboluşly daşary syýasy ugry köp babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamalarda üç gezek resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda kämilleşdirildi. Bu ykbal kesgitleýji saýlaw ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, harby bileleşiklere goşulyşmazlyga, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, özboluşly milli aýratynlygymyzy kemala getirmäge ýardam etdi. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertine öwrülendigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerini, gazanan üstünliklerini, ägirt uly netijelerini kesgitleýän, ýurdumyzyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigini nygtady. Bu gazanylan tejribe Bitaraplygyň bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biljekdigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürýän, döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin pikirdeşleriniň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly kepili hökmünde bitaraplyk, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog gymmatlyklaryny işjeň ilerledýär. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş edip, parahatçylygy, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Ýurdumyz milli döwletliligini ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribä hem-de türkmenistanlylaryň goldawyna daýanýar. Munuň özi ähli giň gerimli özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň üstünliklere beslenmegini kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy, Watanymyzyň durnuklylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde halkymyzyň esasy ornuny tassyklaýar. Bu maksatnamalaýyn ýörelge her bir şahsyýetiň abadançylygyny, hukuklaryny, bähbitlerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň yzygiderli dowamydyr. Bu strategiýa adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň adam maýasyna gönükdirilmegi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli onuň aýdyň durmuş häsiýetini kesgitledi. Munuň şeýledigini birnäçe görkezijiler hem tassyklaýar. 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 54,9 göterimi medeni-durmuş maksatly desgalaryň, 45,1 göterimi bolsa önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti düýpli özgertmäge, ony döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän, birtaraply çig mal nusgasyndan bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, hususy pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe tapgyrlaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugry hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak we täze, düşewüntli pudaklary döretmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Ählumumy ösüş meýillerine laýyklykda, sanly özgertmeler netijeli amala aşyrylýar, öňdebaryjy ylmyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar tejribä ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde duran giň gerimli wezipeler we olary çözmegiň ýollary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir.
Geçen döwrüň dowamynda durnukly ykdysady ösüş oýlanyşykly döwlet strategiýasy, içerki we daşarky maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň netijeli maýalaşdyrylmagy arkaly üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Hytaýa we Eýrana çenli uzaýan täze gaz geçirijiler çekildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň dürli eksport ugurly bazarlara iberilmegi bilen bir hatarda, dünýäde uly islegden peýdalanylýan we onuň gaýtadan işlenilmeginden alynýan, ýokary goşulan bahaly önümleriň — benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň ýurdumyzda öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen senagat toplumlarynyň biri-de Owadandepede ýerleşýän, ekologik taýdan arassa «Euro-5» standartly benzini (ECO-93), suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, dizel ýangyjyny öndürýän innowasion zawoddyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň «TIGAS» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan bu zawod 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek.
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede ösen binýatlyk pudagy hasaplanýan elektroenergetika pudagy hem Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere durnukly eksport etmekde hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe boldy. Esasy elektrik öndürijilik kuwwatlyklary iri elektrik stansiýalarynda, şol sanda Mary, Lebap, Derweze, Aşgabat, Abadan, Balkanabat döwlet elektrik stansiýalarynda we beýlekilerde jemlenendir. Balkan welaýatynda döwrebap, utgaşykly görnüşli Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi ýurdumyzyň arassa, gaýtadan dikeldilýän energetika uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýany bolar.
Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen ykdysadyýetiň strategik pudagyny üstünlikli ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dökün öndürmek boýunça milli oba hojalyk toplumyny, eksportyň ep-esli bölegini üpjün edýän döwrebap kärhanalary döretdi. Olara Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody, Mary we Tejen karbamid zawodlary, Lebap welaýatyndaky fosfor dökünlerini öndürmäge ýöriteleşen Türkmenabat himiýa zawody degişlidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumyň, Gyýanlyda karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.
Gaz we nebithimiýa, umuman, himiýa senagatynyň ýokary depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşmäge ukyply dokma senagaty döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamyň täze toplumlarynyň gurluşygyna, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirildi. Häzirki wagtda pudakda onlarça kärhana, şol sanda doly önümçilik tapgyrly innowasion toplumlar, pagta egriji we dokma önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri hereket edýär. Kaka, Baýramaly, Babadaýhan, Aşgabat dokma toplumlary, Türkmenbaşy jins toplumy ýaly pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynda ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dokma önümleriniň, nusgawy we sport geýimleriniň, gündelik sarp edilýän beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Hormatly Prezidentimiz «Turkmentextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki wagtda türkmen dokma önümleriniň dünýäniň onlarça döwletine üstünlikli eksport edilýändigini belledi. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.
Dokma senagatyny ösdürmekde ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly obasenagat toplumyna öwrüldi. Bu möhüm pudakda ony dolandyrmak, bazar gurallaryny, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze önümçilikleri ösdürmek, bar bolan düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, senagatyň çig mala, ilatyň bolsa ýokary hilli azyk önümlerine barha artýan isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Aşgabat Halkara howa menziliniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýaly iri maýa goýum taslamalary hem munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen, Ýewraziýanyň geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm logistika merkezine öwrülýär.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen, binagärlik aýratynlyklary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp megapolise öwrüldi. Ähli sebitlerde döwrebap, abadanlaşdyrylan şäherçeleriň we obalaryň, şäherlerde bolsa zerur bolan ähli düzümleri özünde jemleýän iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan edilýän aladanyň nyşanydyr. Diňe geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň ulanmaga berilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Olarda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherini aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda sanly standartlara laýyk gelýän 220-den gowrak desganyň gurluşygyny göz öňünde tutýan şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Şolaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, halkara ülňülere görä taslamalaşdyrylan çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ilaty iş bilen üpjün etmäge gönükdirilen önümçilik toplumlary bar.
Garaşsyzlyk ruhy-medeni galkynyşa, milli aň-düşünjäniň kemala gelmegine kuwwatly itergi berdi hem-de öz taryhymyzy, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge gyzyklanmanyň ep-esli artmagyna ýardam etdi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwlet muzeýleriniň, sergi merkezleriniň täze binalary açylyp ulanmaga berildi. Olarda gymmatly arheologik tapyndylar, amaly-haşam sungatynyň eserleri aýawly saklanylýar. Döwrebap teatr-konsert, kinematografiýa we sirk düzümi döredildi.
Ýurdumyzyň alymlary halkymyzyň taryhy kökleri, görnükli şahsyýetleri, durmuş-ýaşaýyş däp-dessurlary, senetçiligi barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ýüzlerçe golýazmalary hem-de beýleki çeşmeleri ýygnadylar we öwrendiler. Olar halkymyzyň taryhy-medeni mirasy baradaky köp sanly neşirleriň düýp esasyny düzdi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, Gündogaryň beýleki akyldarlarynyň eserlerini öwrenmegiň, terjime we neşir etmegiň giň gerimi Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda giňden bellenip geçilen 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan milli we halkara medeni taslamalarda aýdyň beýanyny tapdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň medeni baýlyklary dünýäde giňden tanalyp, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri, Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde, dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerledýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegi, ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginiň esasynda halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň netijeli ulgamynyň döredilmegi, milli mirasymyza we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan medeniýetimiziň gülläp ösmegi Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan esasy üstünlikleridir. Bu hemmetaraplaýyn ösüş Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy ösdürmegiň öňdengörüjilikli strategiýasy, şeýle hem geljege uly ynam, ruhubelentlik bilen garaýan halkymyzyň jebisligi arkaly üpjün edilendir.
Notes
Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şygary bolsa taryhy üstünliklere beslenip geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 161 döwleti hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň 54-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, deňagramly, inklýuziw ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Watanymyzyň özboluşly daşary syýasy ugry köp babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamalarda üç gezek resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda kämilleşdirildi. Bu ykbal kesgitleýji saýlaw ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, harby bileleşiklere goşulyşmazlyga, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, özboluşly milli aýratynlygymyzy kemala getirmäge ýardam etdi. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertine öwrülendigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerini, gazanan üstünliklerini, ägirt uly netijelerini kesgitleýän, ýurdumyzyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigini nygtady. Bu gazanylan tejribe Bitaraplygyň bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biljekdigine şaýatlyk edýär.Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürýän, döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin pikirdeşleriniň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly kepili hökmünde bitaraplyk, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog gymmatlyklaryny işjeň ilerledýär. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş edip, parahatçylygy, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.Ýurdumyz milli döwletliligini ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribä hem-de türkmenistanlylaryň goldawyna daýanýar. Munuň özi ähli giň gerimli özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň üstünliklere beslenmegini kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy, Watanymyzyň durnuklylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde halkymyzyň esasy ornuny tassyklaýar. Bu maksatnamalaýyn ýörelge her bir şahsyýetiň abadançylygyny, hukuklaryny, bähbitlerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň yzygiderli dowamydyr. Bu strategiýa adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär.Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň adam maýasyna gönükdirilmegi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli onuň aýdyň durmuş häsiýetini kesgitledi. Munuň şeýledigini birnäçe görkezijiler hem tassyklaýar. 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 54,9 göterimi medeni-durmuş maksatly desgalaryň, 45,1 göterimi bolsa önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti düýpli özgertmäge, ony döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän, birtaraply çig mal nusgasyndan bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, hususy pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe tapgyrlaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugry hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak we täze, düşewüntli pudaklary döretmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Ählumumy ösüş meýillerine laýyklykda, sanly özgertmeler netijeli amala aşyrylýar, öňdebaryjy ylmyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar tejribä ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde duran giň gerimli wezipeler we olary çözmegiň ýollary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir.Geçen döwrüň dowamynda durnukly ykdysady ösüş oýlanyşykly döwlet strategiýasy, içerki we daşarky maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň netijeli maýalaşdyrylmagy arkaly üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Hytaýa we Eýrana çenli uzaýan täze gaz geçirijiler çekildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň dürli eksport ugurly bazarlara iberilmegi bilen bir hatarda, dünýäde uly islegden peýdalanylýan we onuň gaýtadan işlenilmeginden alynýan, ýokary goşulan bahaly önümleriň — benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň ýurdumyzda öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen senagat toplumlarynyň biri-de Owadandepede ýerleşýän, ekologik taýdan arassa «Euro-5» standartly benzini (ECO-93), suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, dizel ýangyjyny öndürýän innowasion zawoddyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň «TIGAS» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan bu zawod 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek.Milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede ösen binýatlyk pudagy hasaplanýan elektroenergetika pudagy hem Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere durnukly eksport etmekde hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe boldy. Esasy elektrik öndürijilik kuwwatlyklary iri elektrik stansiýalarynda, şol sanda Mary, Lebap, Derweze, Aşgabat, Abadan, Balkanabat döwlet elektrik stansiýalarynda we beýlekilerde jemlenendir. Balkan welaýatynda döwrebap, utgaşykly görnüşli Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi ýurdumyzyň arassa, gaýtadan dikeldilýän energetika uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýany bolar.Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen ykdysadyýetiň strategik pudagyny üstünlikli ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dökün öndürmek boýunça milli oba hojalyk toplumyny, eksportyň ep-esli bölegini üpjün edýän döwrebap kärhanalary döretdi. Olara Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody, Mary we Tejen karbamid zawodlary, Lebap welaýatyndaky fosfor dökünlerini öndürmäge ýöriteleşen Türkmenabat himiýa zawody degişlidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumyň, Gyýanlyda karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.Gaz we nebithimiýa, umuman, himiýa senagatynyň ýokary depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşmäge ukyply dokma senagaty döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamyň täze toplumlarynyň gurluşygyna, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirildi. Häzirki wagtda pudakda onlarça kärhana, şol sanda doly önümçilik tapgyrly innowasion toplumlar, pagta egriji we dokma önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri hereket edýär. Kaka, Baýramaly, Babadaýhan, Aşgabat dokma toplumlary, Türkmenbaşy jins toplumy ýaly pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynda ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dokma önümleriniň, nusgawy we sport geýimleriniň, gündelik sarp edilýän beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Hormatly Prezidentimiz «Turkmentextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki wagtda türkmen dokma önümleriniň dünýäniň onlarça döwletine üstünlikli eksport edilýändigini belledi. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.Dokma senagatyny ösdürmekde ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly obasenagat toplumyna öwrüldi. Bu möhüm pudakda ony dolandyrmak, bazar gurallaryny, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze önümçilikleri ösdürmek, bar bolan düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, senagatyň çig mala, ilatyň bolsa ýokary hilli azyk önümlerine barha artýan isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.Garaşsyzlyk ýyllarynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Aşgabat Halkara howa menziliniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýaly iri maýa goýum taslamalary hem munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen, Ýewraziýanyň geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm logistika merkezine öwrülýär.Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen, binagärlik aýratynlyklary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp megapolise öwrüldi. Ähli sebitlerde döwrebap, abadanlaşdyrylan şäherçeleriň we obalaryň, şäherlerde bolsa zerur bolan ähli düzümleri özünde jemleýän iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan edilýän aladanyň nyşanydyr. Diňe geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň ulanmaga berilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Olarda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherini aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda sanly standartlara laýyk gelýän 220-den gowrak desganyň gurluşygyny göz öňünde tutýan şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Şolaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, halkara ülňülere görä taslamalaşdyrylan çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ilaty iş bilen üpjün etmäge gönükdirilen önümçilik toplumlary bar.Garaşsyzlyk ruhy-medeni galkynyşa, milli aň-düşünjäniň kemala gelmegine kuwwatly itergi berdi hem-de öz taryhymyzy, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge gyzyklanmanyň ep-esli artmagyna ýardam etdi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwlet muzeýleriniň, sergi merkezleriniň täze binalary açylyp ulanmaga berildi. Olarda gymmatly arheologik tapyndylar, amaly-haşam sungatynyň eserleri aýawly saklanylýar. Döwrebap teatr-konsert, kinematografiýa we sirk düzümi döredildi.Ýurdumyzyň alymlary halkymyzyň taryhy kökleri, görnükli şahsyýetleri, durmuş-ýaşaýyş däp-dessurlary, senetçiligi barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ýüzlerçe golýazmalary hem-de beýleki çeşmeleri ýygnadylar we öwrendiler. Olar halkymyzyň taryhy-medeni mirasy baradaky köp sanly neşirleriň düýp esasyny düzdi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, Gündogaryň beýleki akyldarlarynyň eserlerini öwrenmegiň, terjime we neşir etmegiň giň gerimi Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda giňden bellenip geçilen 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan milli we halkara medeni taslamalarda aýdyň beýanyny tapdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň medeni baýlyklary dünýäde giňden tanalyp, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri, Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň aýdyň güwäsidir.Şeýlelikde, dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerledýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegi, ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginiň esasynda halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň netijeli ulgamynyň döredilmegi, milli mirasymyza we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan medeniýetimiziň gülläp ösmegi Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan esasy üstünlikleridir. Bu hemmetaraplaýyn ösüş Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy ösdürmegiň öňdengörüjilikli strategiýasy, şeýle hem geljege uly ynam, ruhubelentlik bilen garaýan halkymyzyň jebisligi arkaly üpjün edilendir. Şu ýyl eziz Watanymyz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyga halkymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny hasyl eden mukaddes gymmatlyk hökmünde garalýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şygary bolsa taryhy üstünliklere beslenip geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýeten belent sepgitleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan bäri dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyryldy. Deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 161 döwleti hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň 54-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, deňagramly, inklýuziw ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýar. Watanymyzyň özboluşly daşary syýasy ugry köp babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji, 2015-nji, 2025-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamalarda üç gezek resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda kämilleşdirildi. Bu ykbal kesgitleýji saýlaw ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, harby bileleşiklere goşulyşmazlyga, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, özboluşly milli aýratynlygymyzy kemala getirmäge ýardam etdi. Munuň özi Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertine öwrülendigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerini, gazanan üstünliklerini, ägirt uly netijelerini kesgitleýän, ýurdumyzyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigini nygtady. Bu gazanylan tejribe Bitaraplygyň bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biljekdigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürýän, döredijilikli teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin pikirdeşleriniň tagallalaryny utgaşdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly kepili hökmünde bitaraplyk, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog gymmatlyklaryny işjeň ilerledýär. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş edip, parahatçylygy, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalary goldamaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ýurdumyz milli döwletliligini ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribä hem-de türkmenistanlylaryň goldawyna daýanýar. Munuň özi ähli giň gerimli özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň üstünliklere beslenmegini kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy, Watanymyzyň durnuklylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde halkymyzyň esasy ornuny tassyklaýar. Bu maksatnamalaýyn ýörelge her bir şahsyýetiň abadançylygyny, hukuklaryny, bähbitlerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň yzygiderli dowamydyr. Bu strategiýa adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamy goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigini nygtaýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belledi. Milli ykdysadyýetimiziň adam maýasyna gönükdirilmegi Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli onuň aýdyň durmuş häsiýetini kesgitledi. Munuň şeýledigini birnäçe görkezijiler hem tassyklaýar. 2026-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 54,9 göterimi medeni-durmuş maksatly desgalaryň, 45,1 göterimi bolsa önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti düýpli özgertmäge, ony döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän, birtaraply çig mal nusgasyndan bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, hususy pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe tapgyrlaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugry hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmak we täze, düşewüntli pudaklary döretmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleriň möçberini artdyrmak, döwrebap düzümi kemala getirmek, ýurdumyzyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri çykarýan, kuwwatly önümçilik ulgamly, senagatlaşan döwlete öwürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Ählumumy ösüş meýillerine laýyklykda, sanly özgertmeler netijeli amala aşyrylýar, öňdebaryjy ylmyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar tejribä ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde duran giň gerimli wezipeler we olary çözmegiň ýollary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir. Geçen döwrüň dowamynda durnukly ykdysady ösüş oýlanyşykly döwlet strategiýasy, içerki we daşarky maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ägirt uly tebigy serişdeleriniň netijeli maýalaşdyrylmagy arkaly üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Hytaýa we Eýrana çenli uzaýan täze gaz geçirijiler çekildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uglewodorod çig malynyň dürli eksport ugurly bazarlara iberilmegi bilen bir hatarda, dünýäde uly islegden peýdalanylýan we onuň gaýtadan işlenilmeginden alynýan, ýokary goşulan bahaly önümleriň — benziniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň ýurdumyzda öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen senagat toplumlarynyň biri-de Owadandepede ýerleşýän, ekologik taýdan arassa «Euro-5» standartly benzini (ECO-93), suwuklandyrylan uglewodorod gazyny, dizel ýangyjyny öndürýän innowasion zawoddyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň «TIGAS» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan bu zawod 2019-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede ösen binýatlyk pudagy hasaplanýan elektroenergetika pudagy hem Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere durnukly eksport etmekde hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe boldy. Esasy elektrik öndürijilik kuwwatlyklary iri elektrik stansiýalarynda, şol sanda Mary, Lebap, Derweze, Aşgabat, Abadan, Balkanabat döwlet elektrik stansiýalarynda we beýlekilerde jemlenendir. Balkan welaýatynda döwrebap, utgaşykly görnüşli Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi ýurdumyzyň arassa, gaýtadan dikeldilýän energetika uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýany bolar. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny çuňňur gaýtadan işlemäge gönükdirilen ykdysadyýetiň strategik pudagyny üstünlikli ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dökün öndürmek boýunça milli oba hojalyk toplumyny, eksportyň ep-esli bölegini üpjün edýän döwrebap kärhanalary döretdi. Olara Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody, Mary we Tejen karbamid zawodlary, Lebap welaýatyndaky fosfor dökünlerini öndürmäge ýöriteleşen Türkmenabat himiýa zawody degişlidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumyň, Gyýanlyda karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Gaz we nebithimiýa, umuman, himiýa senagatynyň ýokary depginde ösdürilmegi bilen bir hatarda, önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşmäge ukyply dokma senagaty döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamyň täze toplumlarynyň gurluşygyna, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirildi. Häzirki wagtda pudakda onlarça kärhana, şol sanda doly önümçilik tapgyrly innowasion toplumlar, pagta egriji we dokma önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri hereket edýär. Kaka, Baýramaly, Babadaýhan, Aşgabat dokma toplumlary, Türkmenbaşy jins toplumy ýaly pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynda ýorgan-düşek daşlyklarynyň, dokma önümleriniň, nusgawy we sport geýimleriniň, gündelik sarp edilýän beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Hormatly Prezidentimiz «Turkmentextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki wagtda türkmen dokma önümleriniň dünýäniň onlarça döwletine üstünlikli eksport edilýändigini belledi. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär. Dokma senagatyny ösdürmekde ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagy Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly obasenagat toplumyna öwrüldi. Bu möhüm pudakda ony dolandyrmak, bazar gurallaryny, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze önümçilikleri ösdürmek, bar bolan düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, senagatyň çig mala, ilatyň bolsa ýokary hilli azyk önümlerine barha artýan isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Aşgabat Halkara howa menziliniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýaly iri maýa goýum taslamalary hem munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen, Ýewraziýanyň geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm logistika merkezine öwrülýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen, binagärlik aýratynlyklary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp megapolise öwrüldi. Ähli sebitlerde döwrebap, abadanlaşdyrylan şäherçeleriň we obalaryň, şäherlerde bolsa zerur bolan ähli düzümleri özünde jemleýän iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlydygynyň hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan edilýän aladanyň nyşanydyr. Diňe geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň ulanmaga berilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Olarda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherini aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda sanly standartlara laýyk gelýän 220-den gowrak desganyň gurluşygyny göz öňünde tutýan şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Şolaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, halkara ülňülere görä taslamalaşdyrylan çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ilaty iş bilen üpjün etmäge gönükdirilen önümçilik toplumlary bar. Garaşsyzlyk ruhy-medeni galkynyşa, milli aň-düşünjäniň kemala gelmegine kuwwatly itergi berdi hem-de öz taryhymyzy, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge gyzyklanmanyň ep-esli artmagyna ýardam etdi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwlet muzeýleriniň, sergi merkezleriniň täze binalary açylyp ulanmaga berildi. Olarda gymmatly arheologik tapyndylar, amaly-haşam sungatynyň eserleri aýawly saklanylýar. Döwrebap teatr-konsert, kinematografiýa we sirk düzümi döredildi. Ýurdumyzyň alymlary halkymyzyň taryhy kökleri, görnükli şahsyýetleri, durmuş-ýaşaýyş däp-dessurlary, senetçiligi barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ýüzlerçe golýazmalary hem-de beýleki çeşmeleri ýygnadylar we öwrendiler. Olar halkymyzyň taryhy-medeni mirasy baradaky köp sanly neşirleriň düýp esasyny düzdi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, Gündogaryň beýleki akyldarlarynyň eserlerini öwrenmegiň, terjime we neşir etmegiň giň gerimi Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda giňden bellenip geçilen 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan milli we halkara medeni taslamalarda aýdyň beýanyny tapdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň medeni baýlyklary dünýäde giňden tanalyp, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri, Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň aýdyň güwäsidir. Şeýlelikde, dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerledýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegi, ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmeginiň esasynda halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň netijeli ulgamynyň döredilmegi, milli mirasymyza we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan medeniýetimiziň gülläp ösmegi Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan esasy üstünlikleridir. Bu hemmetaraplaýyn ösüş Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy ösdürmegiň öňdengörüjilikli strategiýasy, şeýle hem geljege uly ynam, ruhubelentlik bilen garaýan halkymyzyň jebisligi arkaly üpjün edilendir.